Täze kesel ýaýrawynyň öňüni almak maksady bilen Uhanyň ähli ýaşaýjylary COVID-19 üçin barlagdan geçiriler

Täze kesel ýaýrawynyň öňüni almak maksady bilen Uhanyň ähli ýaşaýjylary COVID-19 üçin barlagdan geçiriler

Ýakynda ýüze çykarylan ýerli kowid ýagdaýlary bilen baglanyşykly we epidemiýanyň öňüni almak maksady bilen Hytaý häkimiýetleri bir ýarym ýyldan gowrak mundan ozal pandemiýanyň ilkinji merkeziniň dörän ýeri bolan Uhanyň ähli ýaşaýjylary üçin koronawirus barlagyny gurnarlar. Bu barada şäher administrasiýasynyň baş sekretarynyň orunbasary Li Tao aýtdy diýip, TASS belleýär.

Hytaýda epidemiki ýagdaýyň ýaramazlaşmagy sebäpli, Uhana ýanaşyk ýerleşýän Hubeý welaýatynda soňky birnäçe aýyň içinde ilkinji gezek ýokanjy kabul eden adamlar ýüze çykaryldy. Bu sebitde eýýäm 14 şeýle ýagdaý (şol sanda alamatsyz göterijiler) hasaba alyndy, şolardan 8-si Uhanda. Hytaýyň 2021-nji ýyldaky ilat ýazuwynyň netijelerine görä, Uhanyň ilaty 12,3 mln adamdan geçýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ilçisi Hubeý welaýatynda geçirilen çärelere gatnaşdy
Hytaýa Baran BSGG-nyň Wekiliýeti Karantinden Çykdy
Toparçalar belli boldy
18-nji Dünýä Kubogy
Dünýäniň has ösen innowasion banklary
BSG täze wirus sebäpli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi, türkmen prezidenti ýurtda howply kesellerden berk gorag goýuldy diýýär