Täze okuw kitaplary çap edildi

Täze okuw kitaplary çap edildi

Türkmenistanda orta mekdepleriň okuwçylary hem-de ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin täze okuw kitaplary çap edildi.Olaryň biri sözleýişi öwrenmäge niýetlenilen Türkmençe-parsça gepleşik sözlügi atly okuw gollanmasy bolup, ol Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň gündogar dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Arzuw Setdarowa hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň baş hünärmeni Omargeldi Myradow tarapyndan bilelikde taýýarlanyldy.

Sözlükde gürleşmekde gündeki ulanylýan temalar boýunça bölünen we ýönekeýden çylşyrymla tarap usuly boýunça düzülen maglumatlar jemlenýär.Okuw gollanmasynda Salamlaşmak, Tanyşmak, Syýahat ýaly temalar boýunça sowallar hem-de jogaplar bilen birlikde, gepleşmegi guramak üçin esasy sözler we sözlemler berilýär.

Pars diliniň grammatikasy boýunça maglumatlaryň, okuw derslerine hem-de pars dilinde erkin we dogry sözlemegi öwretmek boýunça özbaşdak ýumuşlara degişli leksika-semantik adalgalar bölüminiň bolmagy gollanmanyň gymmatyny artdyrýar.Sözlük talyplar, mekdep okuwçylary, şeýle hem gyzyklanma bildirýän ähli okuwçylar üçin pars dilini öwrenmekde peýdaly gural hem-de esasy kömekçi bolar. Şeýle hem ýurdumyzyň rus diline ýöriteleşdirilen orta mekdepleriniň XII synp okuwçylaryna niýetlenilen Обществоведение (Jemgyýeti öwreniş) kitaby täze okuw edebiýatlarynyň hataryna girdi.

Kitap Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymlary, filosofiýa ylymlarynyň kandidatlary Peýşembaý Aýdogdyýew we Hurmagül Jumabaýewa, şol kafedranyň dosenti, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Goçmyrat Hanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, filosofiýa ylymlarynyň doktory Ýagmyr Nuryýew tarapyndan bilelikde taýýarlanyldy.

Bu okuw kitaby Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanylan okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanyldy.Kitapda nazary maglumatlar bilen bir hatarda geçilenleri gaýtalamak üçin sowallar we her tema degişli ýumuşlar berilýär.

Bu bolsa kitabyň amaly ähmiýetini artdyrýar.Orta mekdepleriniň mugallymlaryna we okuwçylaryna niýetlenilen okuw kitaby jemgyýetçilik ylymlary bilen gyzyklanýan okyjylar üçin hem peýdaly bolar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanda bellenilmedik ýerlerde söwdanyň we hyzmatlaryň edilmegi boýunça jerime ýokarlandyryldy