Täze tebigy gaz gory tapyldy

Saud Arabystanynyň Rub-el-hali çölünde “Al-Hiran” hem-de “Al-Mahakik” atly iki sany tebigy gaz ýatagy açyldy. Şeýle hem ozal açylan guýulardan tebigy gazyň tapylandygy mälim edildi.

Saud Arabystanynyň nebit kompaniýasy (“Saudi Aramco”) 2030-njy ýyla çenli gaz önümçiligini 2021-nji ýyldakydan 50 göterim artdyrmagy maksat edinýär.Saud metbugat agentliginiň habaryna görä, “Al-Hiran” we “Al-Mahakik” atly tebigy gaz ýataklary Arap ýarym adasynyň günortasyndaky giň çöllükde ýerleşýär. Şeýle hem bu baradaky habarda mundan ozal üsti tapylan bäş ýatakda-da tebigy gazyň tapylandygy mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Ahalda bugdaý oragynda 'ogurlygyň' öňüni almak üçin gözegçilik edilýär
Ene-atalar pul bermän, mekdepden hasap soraýarlar
Atatürkiň Aramgähine 1 Günde 1 Million 92 Müň Adam Baryp Gördi
Erdogan Gresiýa Saparyny Dowam Etdirýar
Döwlet Ýolbaşçylary Atatürkiň Aramgähine Bardy
Atatürküň Aramgähine 1 Million 182 Müň 425 Adam Baryp Gördi