Täzelenýän energiýa 23% boldy

ABŞ-da sarp edilen elektrik energiýasynyň 23 göterimini täzelenýän çeşmelerden alnan energiýa emele getirdi. Ýurduň Energetika Maglumat Dolandyryşy (EIA) agentliginiň maglumatlaryna görä, geçen ýylyň ilkinji 10 aýynda ABŞ-da öndürilen elektrik energiýasynyň 23% arassa çeşmelerden üpjün edilipdir.

Agentligiň maglumatlarynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň arasynda ýel, üçekdäki Gün panelleri, geotermik, gidroelektrik we biomassa ýaly çeşmeleriň artandygy mälim edilýär.Bu çeşmelerden alynýan energiýa 2021-nji ýylyň degişli döwründäkiden 14,26% köp bolupdyr.

2021-nji ýylda bolsa ýurtda sarp edilen elektrik energiýasynyň 20,40%-i arassa çeşmelerden alnypdyr.

Arslan Ylýasow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Murat Nurtileu Gazagystanyň Täze Daşary Işler Ministri Boldy
Beýik Britaniýada Arkadag şäheri tanyşdyryldy
Gözleg işleri üçin robot-ary döredildi
EIA: 2023-nji ýylda Türkmenistanda günde 0,27 million barrel nebit çykarylar
Eýran Türkmenistana nebitden daşary 313 müň tonna haryt eksport etdi
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 5,55 milliard dollar boldy