Gözleg işleri üçin robot-ary döredildi

Gözleg işleri üçin robot-ary döredildi

ABŞ-nyň Waşington unuwersitetiniň inženerleri ugruny üýtgetmäge we hakyky arylar ýaly hereket etmäge ukyply robot-ary döretdiler. Enjamy ösümlikleri tozanlandyrmak we gözleg-halas ediş işleri üçin ulanmakçy bolýarlar diýip, MIR 24 ýazýar.

Alymlaryň sözlerine görä, roboty döretmekde iň çylşyrymly iş: arynyň uçuşyny we gonuşyny sazlamak üçin dolandyryş ulgamyny döretmek bolupdyr.

Dolandyryş işi matematiki bolmak bilen, biz emeli aň kimin bir ulgamy döretmeli bolduk. Käbir adamlar şeýle işläp düzmeleri gizlin hasaplaýarlar, emma olarsyz enjam işlemezdi diýip, unuwersitetiň Maşyngurluşyk we materiallary öwrenmek mekdebiniň professory Nestor Peres-Aransibiýa gürrüň berýär.

Agramy 10 milligram bolan adaty arydan tapawutlylykda, robot-ary 95 milligramdyr we ganatlaryny 33 mm gerýär. Ol bir gezekde özbaşdak bäş minut uçup bilýär diýip, Studyfinds neşiri ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl, Gaza Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Rostowly ýiten balykçylaryň gaýygynyň ýanynda ýanýan şar göründi
Türkmenistan bilen Eýranyň Baştutanlarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy, Türkmenbaşy we Balkanabatda S7 awiakompaniýasynyň petekleriniň satuwy ýola goýuldy, Türkmenistanyň wekili ilkinji gezek Aziýanyň Tennis federasiýasynyň direktorlar ge
Taýlantda fabrikleriň birinde partlama boldy
Ermenistanda Partlama Boldy
Dekabrda Dragon Oil Hazaryň türkmen bölegindäki 19-njy bloguň ilkinji guýusynda gözleg işlerine başlar
21-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal