Ysraýyl, Gaza Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär

Ysraýyl, Gaza Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär

Ysraýylyň harby uçarlary, Gaza Sektorynyň demirgazygynda ýerleşýän Jibaliýe bosgun düşelgesine howa hüjümini gurady.

Howa hüjüminde azyndan 31 adam ýogaldy.

Ysraýylyň harby goşunynyň gabaw astyndaky Gaza sektoryna 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümleri 39-njy gününde güýçlenmek bilen dowam edýär.

Ysraýylyň harby goşuny düýn gije Gaza Sektoryna guraýan howa hüjümlerini dowam etdirdi.

Ysraýylyň harby uçarlary Jibaliýe bosgun düşelgesiniň ýerleşýän etrapçasynda 12 öýi bombalady.

Gözleg we halas ediş toparlary bilen halk, bombaly hüjümden soň häzire çenli 31 adamyň jesedini çykardy. Hüjümde köp sanly adam hem ýaralandy.

Hüjümlerde ýogalanlar we ýaralananlar Indoneziýa hassahanasyna alnyp gidildi.

Beýleki tarapdan Müsür, Gaza sektoryna açylýan Refah gümrük geçelgesiniň ýapylmandygyny emma Ysraýylyň ynsanperwer kömeginiň sebite ýetirilmegini bökdeýändigini habar berdi.

Müsüriň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ahmed Abu Zeýd, Refah gümrük geçelgesi hakynda beren beýannamasynda, Gaza Sektoryndaky krizisiň başlan gününden bäri Refah gümrük geçelgesiniň ýapylmandygyna ünsi çekdi.

Abu Zeýd “Ysraýyl ynsanperwer kömeginiň Gaza ýetirilmegini ýönekeý bahanlar bilen bökdeýär” diýdi.

Hamasyň Kassam atly ýaragly toparynyň 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy başladan operasiýalaryndan soň Ysraýylyň harby goşuny hem Gaza Sektoryny bombalamaga başlady.

Şol günden bäri Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 11 müň adamdan geçdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýene-de iki palestinaly ýogaldy
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýene-de iki palestinaly öldi, ençeme palestinaly ýaralandy
Ysraýyl Gazada 3 palestinlini öldürdi
Ysraýylyň Gazada guran hüjümlerinde alty adam ýogaldy
Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde biri çaga 6 adam ýogaldy
Ysraýylyň Gaza guran howa hüjümlerinde 3 palestinli ýogaldy