Taliban topary giňişleýin hökümet gurmaga halkara jemgyýetçiliginden pursat isledi

Taliban topary giňişleýin hökümet  gurmaga halkara jemgyýetçiliginden pursat isledi

Talibanyň, Ykdysadyýet ministrliginiň wagtlaýyn ministri,Talibanyň Owganystandaky hükümetini we dolandyryşyny gowulandyrmak üçin halkara jemgyýetçiligini topara 20 aý möhlet bermäge çagyrdy.

Talibanyň medeni komitetiniň agzasy Enamullah Samangani öz twitter sahypasynda Din Muhammet Hanifiň sözlerine salgylanyp: "Halkara jemgyýetçiligiň we dünýä jemgyýetçiligiň bu topara Owganystanda giňşleýin we adalatly hökümet gurmak üçin 20 aý wagt beremegini talap etdi.

Taliban" ýakynda Molla Muhammet Ahundyň ýolbaşçylygyndaky ministrler kabinetini hödürledi, kabinet agzalarynyň hemmesi toparyň agzalarydy.

Bu ministrler kabinetiniň syýasy toparlary öz içine alyjylygy we giňşleýin bolmagy ýaly aýratynlyklarynyň ýoklugy dürli ýurtlarda reaksiýa döretdi.

Taliban hökümetiniň Ykdysadyýet ministrliginiň başlygyň wezipesini ýerine ýetiriji, halkara jemgyýetçiliginden esasy we giňşleýin hökümet mehanizmini döretmek üçin 20 aýlyk pursat soramagy baradaky aýdan sözleri, beýleki ýurtlaryň Taliban topary bilen gatnaşyklarynyň hili sebäpli bolup biler.

"Taliban" 15-nji awgustda Kabuly ele geçireli bäri, Pakistan we Katar ýaly az sanly ýurtdan başga, halkara jemgyýetçiligi Owganystandaky birnäçe geçen saýlawlarda gazanylan kämil bolmadyk demokratiýanyň ýitmeginden gorkup, topara berk ynamsyzlygyny dowam etdirýär.

Soňky hepdelerde "Talibanyň" aýal-gyzlaryň bilimini dowam etdirmegine we Owganystandaky sosial we ykdysady çärelere gatnaşmagyna girizilen çäklendirmeler baradaky käbir habarlary çap etmegi halkara jemgyýetçiliginde güýçli reaksiýa döretdi.

Her halda"Taliban" resmisi, bu toparyň ýakyn 20 aýyň içinde koalisiýa hökümetini döretmek üçin Owganystana berilýän kömekleriň dowam etmegini isleýär, Owganystana kömek berýän ýurtlar bolsa Taliban tarapyndan aldanmak ähtimali üçin toparyň beren wadasynyň ýerine ýetiriýänçä kömek bermegi dowam etdirmek islemeýärler.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Russiýa Talibany terror guramalarynyň sanawyndan çykarmak boýunça iş alyp barýar
Owganystanda Minanyň Ýarylmagy Sebäpli 9 Çaga Ýogaldy
Owganystanda harby dikuçar ýere gaçdy
Owganystanda Sil Apaty Sebäpli 4 Adam Ýogaldy
Kabulda Daşary Işler Ministrliginiň Golaýynda Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy
Pakistanda Bolan Çaknyşykda 3 Esger Ýogaldy