“Talyban” söweşijileri Eýranyň TOPH proýektine bökdenç döredýändigini gürrüň berdi

Hyrat welaýatynda, Owganystanyň günbatarynda häkimiýetlere tabyn bolan we ýaraşyk prosesine goşulan “talyban” söweşijileri Eýrandan görkezme alyp, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna garşy aksiýa geçirmek üçin ýaraglandylar.Bu barada ýaragyny taşlan söweşijileriň özleri gürrüň berdi diýip, ИА Фергана Owganystanyň Pajhwok neşirine salgylanp ýazýar.

Hyrat polisiýasynyň başlygy, brigada heneraly Mohammad Aýub Ansaryň sözlerine görä, bu topar sekiz sany “talyban” söwşijisinden ybarat. Olar Paştun Zargun we Kurh etraplarynda öz aksiýalaryny geçirdiler. Soň olar ýaraşyk prosesine goşulyp, güýç gurluşlaryna ýedi sany hüjüm ýaragyny we sekiz sany el granatyny tabşyrdylar.

Eýranyň Hyratdaky baş konsullygy eýýäm talyplaryň bu aýdýanlaryny ret edýän beýanat bilen çykyş etdi. Eýranyň konsuly Mahmood Afkhami öz ýurdunyň hemişe bu ýurtda ösüşe gönükdirilen tagallalaryň ählisini goldamaga çalyşýandygyny belledi. Şeýle-de ol Eýranyň söweşijileri TOPH proýektine garşy küşgürmegi bilen bagly anyk subutnamalary talap etdi.

Bellemli ýeri, Owganystanda bu proýektiň amala aşyrylyp başlamagyny “Talyban” hereketi hem resmi ýagdaýda goldady. Metbugata iberilen beýanatda “Talyban” özüniň “Türkmenistandan Owganystana we soňra Pakistana hem Hindistana çekiljek gaz geçirijisini doly oňlaýandygyny, sebäbi onuň müňlerçe owgana iş berjekdigini we soňy bilen owgan halkyny gaz bilen üpjün etjekdigini” aýtdy.

Ýatladýarys, martyň başynda “Talybanyň” 70 söweşijisi iş orunlarynyň öwezine TOPH gaz geçiriji proýktini goldamak üçin parahatçylyk prosesine goşulmaga taýýardygyny bildirdi.

Belleýäris, Eýran hem Eýran-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmagy planlaşdyrýar weTOPH proýektine göni bäsdeş bolup durýar. 2017-nji ýylyň noýabrynda Wladimir Putiniň Eýrana sapary mahalynda “Gazprom” özleriniň EPH gaz geçirijisi proýektine gatnaşmaga taýýardygyny bildirdi.

Kompaniýalar ýol kartasyny düzdi we özara ylalaşyk baglaşdy.

2017-nji ýylyň dekabrynda Berdimuhamedow Orsýetiň prezidentine TOPH proýektiniň gurluşygyna gatnaşmagy teklip etdi. Emma Owganystanda YD toparynyň peýda bolandygyny aýdyp, Putin türkmen proýektiniň üstünlikli boljagyna şübhe bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Owganystanyň Türkmenistan bilen araçäginde YD-nyň täze toplanan 300 nökerine tälim berilýär
Türkmenistan Owganystanyň üsti bilen Pakistana suwuklandyrylan gaz iberdi
Türkmenistan Owganystana iberýän elktrik toguny iki esse gymmatlatdy we togtatdy
Türkmenistan Owganystana elektrik ibermegini bir aý uzaltdy
Hyratda TOPH-a garşy dildüwşen talybanlar ele salyndy
Ýakynda Aşgabatda TOPH taslamasynyň ýolbaşçy komitetiniň mejlisi geçiriler