
Talyplaryň dag magdanlary we nebit ministri wezipesini wagtlaýynça ýerine ýetirýän Mohamed Isa Ahund Türkmenistanyň ilçisi Hoja Öwezow bilen Kabulda duşuşdy.
Bu barada 27-nji oktiýabrda ýurdyň maglumatlar we medeniýet ministriniň orunbasary Zabiulla Mojahed Twitter hasabyndan habar berdi.
“Maslahatyň dowamynda iki ýurdyň arasyndaky dürli ykdysady taslamalar barasynda gürrüň edildi” diýip emeldar ýazdy. Şol sanda, taraplar TOPH gaz geçirijiniň gurluşygy baradaky taslamany durmuşa geçirmegi maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň DIM-gi bu duşuşyk barada habar bermeýär.
15-nji awgustda “Talyban”güýçleri sanlyja günüň dowamynda hiç bir söweşsiz Kabula doly gözegçiligi ýola goýdylar.
17-nji awgustda Talyplaryň Katardaky syýasy edarasynyň wekili Mohamed Sohail Şahiniň beren habaryna laýyklykda, hereket iri taslamalaryň–TOPH-iň we demirýol ýollaryň gurluşyklary bilen gyzyklanýar.
29-njy sentiýabrda Owganystanyň DIM-i wezipesini wagtlaýynça ýerine ýetiriýän Amir Han Muttaki TOPH-iň gurluşygyny Türkmenistanyň ilçisi bilen jikme-jik maslahat edipdi.The post “Talyban” wekilleri Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi bilen TOPH-iň gurluşygyny ýenede maslahat etdiler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.