H.Geldimyradow: Türkmenistanyň soňky ýyllarda SEPKA girýän ýurtlar bilen söwda hyzmatdaşlygyny güýçlendirdi

H.Geldimyradow: Türkmenistanyň soňky ýyllarda SEPKA girýän ýurtlar bilen söwda hyzmatdaşlygyny güýçlendirdi

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýeti üçin ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) ilkinji ýokary derejeli sammitine gatnaşdy.

Wise-premýer H.Geldimyradow öz çykyşynda BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýeti üçin ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) Baku şäherinde geçirilen ilkinji sammitiniň ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm tapgyry boljakdygyny nygtady. Bu barada Report.az habar berdi.

Merkezi Aziýa bolan gyzyklanma ýylsaýyn artýar. Sebitimiz çalt ösýär. Bu ýerde tebigy baýlyklaryň köp bolmagy we amatly geografiki ýerleşiş çynlakaý maýa goýumlar üçin özüne çekiji ýagdaýdyr diýip, H.Geldimyradow belledi.

Şeýle-de H.Geldimyradow Türkmenistanyň soňky ýyllarda maksatnama girýän ýurtlar bilen söwda hyzmatdaşlygyny güýçlendirendigini aýtdy.

Ýeri gelende bellesek, Baku şäherinde geçirilen SPEKA-nyň ilkinji sammitine týokary derejeli türkmen wekiliýeti bilen bir hatarda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, şeýle-de hormatly myhman hökmünde Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban, Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Garibaşwili, Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Jasem Mohamed Albudaiwi, Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Armida Alişahbana, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

H.Geldimyradow: Türkmenistan soňky ýyllarda SPEKA girýän ýurtlar bilen söwda hyzmatdaşlygyny güýçlendirdi
Wise-premýer H.Geldimyradow SPEKA-nyň sammitine gatnaşdy
Syýahatçylyk pudagy girdejisini artdyrdy
Gruziýa Bilen Ermenistanyň Arasynda Şahadatnama Bilen Syýahat Döwri Başlar
Ýewraziýada geçen hepde başdan geçirlen möhüm wakalar
Azerbaýjanyň elektrik energiýasyny Ýewropa daşajak täze geçiriji gurlar