Wise-premýer H.Geldimyradow SPEKA-nyň sammitine gatnaşdy

Wise-premýer H.Geldimyradow SPEKA-nyň sammitine gatnaşdy

Şu gün Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýeti üçin Ýörite maksatnamasynyň sammiti geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada TASS habar berdi.

Sammite Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, şeýle-de hormatly myhman hökmünde Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban, Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Garibaşwili, Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Jasem Mohamed Albudaiwi, Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Armida Alişahbana, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa gatnaşdylar.

Sammitiň dowamynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary bu köptaraplaýyn formatyň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, hususan-da, söwda-ykdysady, maýa goýumlar we ulag-logistika pudaklarynda tagallalary birleşdirmek arkaly bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

H.Geldimyradow: Türkmenistan soňky ýyllarda SPEKA girýän ýurtlar bilen söwda hyzmatdaşlygyny güýçlendirdi
H.Geldimyradow: Türkmenistanyň soňky ýyllarda SEPKA girýän ýurtlar bilen söwda hyzmatdaşlygyny güýçlendirdi
Syýahatçylyk pudagy girdejisini artdyrdy
Gruziýa Bilen Ermenistanyň Arasynda Şahadatnama Bilen Syýahat Döwri Başlar
Ýewraziýada geçen hepde başdan geçirlen möhüm wakalar
Azerbaýjanyň elektrik energiýasyny Ýewropa daşajak täze geçiriji gurlar