Tapawutlanan harby gullukçylara hünär baýramy mynasybetli döwlet sylaglary berler

Tapawutlanan harby gullukçylara hünär baýramy mynasybetli döwlet sylaglary berler

26-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Watan goragçylarynyň güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreler, şanly sene mynasybetli has tapawutlanan harby gullukçylary döwlet sylaglary bilen sylaglamak babatda taýýarlanylan teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda Ýaragly Güýçleriň edaralarynyň ýolbaşçylary Watan goragçylarynyň hünär baýramy mynasybetli meýilleşdirilen dabaralar hem-de medeni çäreleriň maksatnamasy barada hasabat berdiler. Şeýle-de goşun bölümlerindäki işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmaga we Ýaragly Güýçleriň kuwwatyny güýçlendirmäge gönükdirilen giň gerimli harby özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ugurdaş edaralarda görülýän çäreler barada hasabatlar berildi.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselä degip geçip, dabaralaryň harby gullukçylaryň her biri üçin täze üstünliklere ruhlandyrýan uly waka hökmünde olaryň ýadynda galmalydygyny belledi hem-de birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de olaryň hünär baýramy mynasybetli guraljak dabaralaryň çäklerinde Ýaragly Güýçleriň düzümleriniň aýratyn tapawutlanan harby gullukçylaryny we serkerdelerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: bäşinji günüň netijeleri
Kalyn: "Türkiýe iki ýurdyň liderini duşuşdyrmaga taýar" diýdi
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişdi
Prezident Erdogan Gündogar Iýerusalim we Aksa metjidi bilen bagly beýanat berdi
Süleýman Soýlu liwanly kärdeşi Mewlewi bilen söhbetdeş boldy
AFK-nyň kubogy ― 2021: Nasaf bilen bolan duşuşykdan soň Ahalyň yklym ýaryşyndaky görkezijileri