Taryhdan söz açýan medeni gymmatlyklar

Taryhdan söz açýan medeni gymmatlyklar

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Taryhdan söz açýan medeni gymmatlyklar ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak, olary ylmy esasda öwrenmekde uly işleriň alnyp barylýandygy, milli gymmatlyklarymyzyň döwrebap görnüşde yzygiderli dikeldilýändigi hem baýlaşdyrylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen topragynda bar bolan ýadygärlikler we ýüze çykarylan taryhyň, ählumumy mirasyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Ähli taraplaýyn glutation
Ýaşlar ligasynda 10-njy tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Ýaşlar ligasy ― 2022: 8-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Bagyr ýaglanmasynyň tebigy taýdan öňüni alyş usullary
Ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky Türkmenistanyň birinjiliginiň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçiriler
Aşgabatda baýramçylyk at çapyşygynda çapyksuwar heläk boldy