Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ata Watanymyzyň täze taryhyna şan goşýan ajaýyp wakalara beslenýär. “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän üstümizdäki ýylyň şanly wakalarynyň taryha altyn harplar bilen ýazyljakdygy buýsandyrýar.
Döwlet Baştutanymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen bagtyýar ulus-ilimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllygyny uludan toýlady.Dabarasy Äleme ýaň salan naýbaşy toýumyzyň öňüsyrasynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi bolsa, ata Watanymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda taryhy wakalaryň birine öwrüldi. Çünki onda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň ýolunda möhüm ähmiýetli çözgütler kabul edildi.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisindäki çykyşynda: “Garaşsyzlyk ýyllarynda ýokary depginler bilen durnukly ösýän ykdysadyýetli häzirki zaman döwletini gurmak, adalatly raýat jemgyýetini berkarar etmek, ýaşamak üçin amatly şertleri döretmek ugrunda ýurdumyzda ägirt uly işler amala aşyryldy” diýip belledi.
Dogrudan-da, geçen sanlyja taryhy döwrüň içinde ýurdumyzda asyrlara barabar işler durmuşa geçirildi.Hormatly Prezidentimiziň kabul eden döwlet we milli maksatnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň sebitlerinde üstünlikli amala aşyrylan taslamalara, ykdysatiýetiň dürli ugurlarynda ýetilen sepgitlere, gazanylan üstünliklere buýsanjymyz bimöçberdir.
Geçen ýyllaryň dowamynda Ahal welaýatynda hem tarypa mynasyp işler durmuşa geçirildi.Welaýatyň çäginde täze, döwrebap obadyr şäherçeler döredildi, durmuş-medeni, senagat maksatly iri desgalar guruldy. Şolaryň hatarynda Gökdepe etrabyndaky Aba Annaýew, Täze eýýam obalaryny, Ak bugdaý etrabynyň Berkarar, Bereketli zaman şäherçelerini, şeýle-de welaýatyň çägindäki “Türkmen aýna önümleri” kärhanasyny, tebigy gazdan benzin öndürýän zawodlar toplumyny, “Türkmendemirönümleri” kärhanasyny, Gazbeton öndürýän kärhanany, mermer we granit daşlary işlenilýän kärhanany, “Ahal” ösümlik ýag kärhanasyny we beýleki onlarça senagat kärhanalaryny agzamak bolar.
Häzirki wagtda Gökdepe etrabynyň çäginde welaýatyň täze, döwrebap dolandyryş merkeziniň, şol etrabyň Owadandepe, Köpetdag geňeşliklerinde, Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, häzirki zaman obalaryň gurluşyklary alnyp barylýar.
Bu zatlar ýurdumyzda raýatlaryň bagtyýarlygy we eşretli durmuşy ugrunda edilýän aladalaryň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen döwletli çözgütleriň bu ugurdaky işleriň has-da rowaçlanmagyna itergi berjekdigine ynanýarys. Döwletli Maslahatda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmeginiň, şoňa laýyklykda döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň iki palataly gurluşynyň döredilmeginiň taryhy ähmiýeti bardyr.
Taryhy Maslahatda kabul edilen “Türkmenistany 2021-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny makullamak hakynda” Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň karary, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş işgärlerini höweslendirmek, olara goşmaça ýeňillikler bermek bilen baglanyşykly gol çeken degişli resminamasy uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Berkarar döwletimiziň has-da gülläp ösmegi, halkymyzyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagalla edýändigi üçin hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş aýdýarys.
Annaoraz HÜMMEDOW,
Ahal welaýatynyň prokuraturasynyň umumy gözegçilik bölüminiň uly prokurory.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/10967
