Taryhynda ilkinji gezek yzly-yzyna 3 oýunda gol geçirdi

Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde oktýabr aýynda Daniýanyň, noýabr aýynda-da ilki Gazagystanyň, soňra-da Finlýandiýanyň derwezesinden gol geçiren San Marinonyň ýygyndysynyň oýunçylary taryhynda ilkinji sapar yzly-yzyna 3 duşuşykda tapawutlandy. Öz meýdançasynda finlerden 2-1 asgyn gelen yklymyň iň kiçi ýurtlarynyň biri bolan San Marinonyň ýeke-täk goluny 90+7-nji minutda penaltiden Filippo Berradi geçirdi.

Duşuşykda finleriň 2 goluny-da Piri Soiri öz adyna ýazdyrdy. Şunlujda, San Marinonyň ýygyndysy ilkinji gezek Ýewropanyň saýlama tapgyryny 3 gol bilen tamamlady.Olar mundan öň diňe Dünýä Kubogy 2002-niň saýlama tapgyrynda 3 gol geçiripdiler.

San Marinonyň ýygyndysy aglaba saýlama tapgyrlaryny 1 ýa-da 2 gol bilen tamamlap, umumylykda 3 gezek ýeke gol hem geçirip bilmediler.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogy 2026: Ýewropa zolagynyň saýlama toparçalarynyň bijeleri çekildi
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Türkmenistanyň gandbolçylary Hytaýda zenanlaryň arasynda geçirilýän VI Aziýa kenarýaka oýunlarynda bürünç medal ugrunda bäsleşer
56 ýyldan soň 1 oýunda 14 gol
Portugaliýa ähli duşuşykda ýeňiş gazandy, Gibraltar gol hem geçirip bilmedi (EURO 2024-iň saýlama tapgyrynyň käbir statistikalary)
“The Financial Times” ýylyň iň täsirli zenanlarynyň sanawyny düzdi