Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow iş sapary bilen Türkmenistana geldi

Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow iş sapary bilen Türkmenistana geldi

Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow çarşenbe güni iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Bu barada Tatarystanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berdi.

Aşgabat Halkara howa menzilinde Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanowy Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew we Russiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin garşy aldylar.

Tatarystanyň Prezidenti Türkmenistana iş saparyň çäginde rus-türkmen işewürler forumynyň umumy mejlisine we Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň Baş metjidiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşar, şeýle hem Aşgabat şäherinde ýerleşýän “KAMAZ” açyk paýdarlar jemgyýetiniň hyzmat ediş merkezine baryp görer.

Mundan başga-da, Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy meýilleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Tatarstanyň Prezidenti Türkmenistana iş sapary bilen geldi, Türkmenhowaýollary 2023-nji ýylyň mart aýy üçin petek satuwyny ýola goýdy, Magtymgulynyň goşgulary ilkinji gezek italýan dilinde çap ediler we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň prezidentiniň Kuweýte we BAE sapary taýýarlanylýar
Berdimuhamedow maliýe ministriniň orunbasaryny täzeledi
Binagärleriň ilkinji bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi
Konserwatoriýanyň Uly zalynda uruş ýyllarynyň aýdymlary ýaňlandy