Taýwanda 7,4 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Taýwanda 7,4 bal ululygynda ýer titremesi boldy

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew merkezi (USGS) 7,4 bal ululygyndaky ýer titremäniň güýç merkeziniň Taýwanyň gündogar kenaryndaky Hualýan şäheriniň 18 km günortasydygyny habar berdi.

Ýeriň 34,8 km aşagynda emele gelen ýer titreme sebäpli sebitdäki ýaşaýyş ýerlerine zeper ýetdi, ilkinji kesgitlemelere görä 4 adam ýogaldy, 90 adam ýaralandy.

Taýwanyň Merkezi Hualýan şäherinde köp sanda bina zeper ýetendigi we ýumrulandygy mälim edildi.

Hualýan şäheriniň gündogaryndaky Suhua ýolunuň käbir bölümleriniň çökmegi netijesinde ýol dolulygyna ýapyldy, Taoýuan Halkara howa menziliniň üçeginiň hem bir bölegi çökdi.

Hualýan şäheriniň töweregindäki we adanyň içerki bölegindäki köp sanda ýoluň çökmegi we gaýalaryň gaçmagy sebäpli ýollar ulaglara ýapyldy.

CWA onuň soňky 25 ýylda Taýwanda bolan iň uly ýer titremedigini belläp, adanyň demirgazyk sebiti üçin sunami duýduryşyny berdi.

Taýwanda 1999-njy ýylyň 21-nji sentýabrynda paýtagt Taýpeýiň 150 km günortasynda başdan geçirilen 7,7 bal ululygyndaky ýer titremede takmynan 2 müň 400 adam ýogalypdy, 100 müňden gowrak adam ýaralanypdy, müňlerçe bina ýumrulypdy.

Ýene degişli makalalar

Taýwandaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artdy
Taýwanda güýçli ýer yrandy
Tramp ABŞ-nyň goramagy üçin Taýwanyň töleg etmelidigini aýtdy
Mikroçip eksportynda dünýä liderleri
Aşgabatda döwlet bagşyçylyk bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda 3,5 müň maşgala üçin şäherçeler gurulýar, Apple iPhone 15 nesline degişli smartfonlaryny tanyşdyrdy we beýleki habarlar
Energiýa Ammarlamada Täze Tehnologiýalar