Taýwanda güýçli ýer yrandy

Taýwanda güýçli ýer yrandy

Düýn, 3-nji aprelde Taýwanda güýçli ýer yranmasy netijesinde heläk bolanlaryň sany 10 adama ýetdi, 934 adam şikes aldy. Bu barada Hytaýyň merkezi telewideniýesi habar berdi diýip, Izwestiýa ýazýar.

18:00-daky (Moskwa wagty bilen 13:00) ýagdaýa görä, kenarýaka Hualýan uezdinde bolan ýer yranmasy netijesinde 10 adam pida boldy, 934 adam ejir çekdi, 56 adam gabawda galdy diýlip, habarda bellenýär.

Düýn Taýwanyň kenarynda bolan ýer yranmasy soňky 25 ýylda iň güýçli ýer goduklamasy hökmünde hasaba alyndy ýerasty sarsgynlaryň güýji 7,7 bala ýetdi. 87 müň öý elektriksiz galdy. Adada 26 bina ýykyldy. Iň soňky gezek şeýle ýer yranma 1999-njy ýylda boldy.

Taýwandaky ýertitreme kompýuterleriň dünýä eksportynyň ondan bir bölegine täsir etdi. Sebäbi çipleri öndüriji ýerli iri kompaniýa işini togtatdy, ol bir hepde dowam eder diýip, MIR 24 ýazýar. Kärhananyň wekilleri ýitginiň 60 million dollar boljakdygyny çaklaýarlar. Taýwanda ýarymgeçirijileriň bütin dünýä möçberiniň ýarysyndan gowragy öndürilýär.

Ýer yranmasy wagtynda taýwan teleýaýlymlarynyň birinde göni ýaýlym dowam edýärdi, studiýadaky kameralar yrandy, emma alypbaryjy aljyraman, gepleşigi dowam etdi. Taýwanyň häkimiýetleri harby goşuny halas ediş tutumyna goşdular. Daglarda ýollaryň birini süýşgün ýapdy. Ýerasty sarsgynlara hatda adalaryň biri tap getirip bilmän, bölündi.

Ýene degişli makalalar

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat
Aşgabat Taýwanyň 'Hytaýyň çäginiň aýrylmaz bölegidigini' 'ýene bir gezek' tassyklady
Taýwanda 7,4 bal ululygynda ýer titremesi boldy
Taýwandaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artdy
Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyryndan öň Hytaýda OTÝ geçer
Tomusky dynç alyş möwsüminde Türkmenistanyň ähli künjeklerinde 20 müňden gowrak çaga dynç aldy, Türkmenistanyň Prezidenti daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmegi tabşyrdy we beýleki habarlar