Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

Halkara derejesinde üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistan öz daşary syýasatyny halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna esaslanyp, onuň esasy ýörelgeleriniň biri döwletleriň çäk bitewüligine hormat goýmakdan ybaratdygyny nazara alyp, Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň tutuş Hytaýa wekilçilik edýän ýeke-täk kanuny Hökümetdigini, Taýwanyň bolsa Hytaýyň çäginiň aýrylmaz bölegidigini ýene bir gezek tassyklaýar.

Türkmenistan Bitewi Hytaý syýasaty babatda öz ýörelgeleýin garaýşyna berk eýerýär, Taýwanyň garaşsyzlygy bilen bagly islendik görnüşlere garşy çykyş edýär, Taýwan bogazynyň iki kenarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň parahatçylykly ösdürilmegini, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň ýurdy birleşdirmek ugrunda edýän ähli tagallalaryny goldaýar.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy

Ýene degişli makalalar

Aşgabat Taýwanyň 'Hytaýyň çäginiň aýrylmaz bölegidigini' 'ýene bir gezek' tassyklady
Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyryndan öň Hytaýda OTÝ geçer
Tomusky dynç alyş möwsüminde Türkmenistanyň ähli künjeklerinde 20 müňden gowrak çaga dynç aldy, Türkmenistanyň Prezidenti daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmegi tabşyrdy we beýleki habarlar
Türkmen mekdep okuwçylaryna ýurduň Prezidentiniň adyndan noutbuklar sowgat berler, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipä bellendi we beýleki habarlar
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşyklaryna Aşgabatda taýýarlanýar
Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy (U-23) Aziýa Kubogy — 2024-iň saýlama tapgyryna girişýär