Aşgabat Taýwanyň 'Hytaýyň çäginiň aýrylmaz bölegidigini' 'ýene bir gezek' tassyklady

Aşgabat Taýwanyň 'Hytaýyň çäginiň aýrylmaz bölegidigini' 'ýene bir gezek' tassyklady

Türkmenistan Taýwanyň Hytaýyň çäginiň aýrylmaz bölegidigini’ ýene bir gezek’ tassyklady diýip, Daşary işler ministrliginiň 19-njy maýda çap eden beýanatynda aýdylýar.

Onda Aşgabadyň hytaý hökümetine tutuş Hytaýa wekilçilik edýän ýeke-täk kanuny hökümet hökmünde garaýandygy hem bellenilýär.

Türkmen DIM-i “Taýwanyň garaşsyzlygy” söz düzümini goşadyrnaga alyp, munuň bilen bagly islendik görnüşlere garşy çykyş edýändigini we Taýwan bogazynyň iki kenarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň parahatçylykly ösdürilmegini goldaýandygyny nygtady.

Hytaý Taýwany özüne degişli bolan gozgalaňçy welaýat hökmünde görýär we adanyň üstünden gözegçiligi güýç bilen dikeltmek mümkinçiligini aradan aýyrmaýar.

Ýene degişli makalalar

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat
Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyryndan öň Hytaýda OTÝ geçer
Tomusky dynç alyş möwsüminde Türkmenistanyň ähli künjeklerinde 20 müňden gowrak çaga dynç aldy, Türkmenistanyň Prezidenti daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmegi tabşyrdy we beýleki habarlar
Türkmen mekdep okuwçylaryna ýurduň Prezidentiniň adyndan noutbuklar sowgat berler, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipä bellendi we beýleki habarlar
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşyklaryna Aşgabatda taýýarlanýar
Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy (U-23) Aziýa Kubogy — 2024-iň saýlama tapgyryna girişýär