Taýwandaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artdy

Taýwandaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artdy

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew merkezi (USGS) 7,4 bal ululygyndaky ýer titremäniň güýç merkeziniň Taýwanyň gündogar kenaryndaky Hualýan şäheriniň 18 km günortasydygyny habar berdi.

Ýeriň 34,8 km aşagynda emele gelen ýer titreme sebäpli sebitdäki ýaşaýyş ýerlerine zeper ýetdi, ilkinji kesgitlemelere görä 9 adam ýogaldy, 882 adam ýaralandy.

Taýwanyň Merkezi meteorologiýa edarasy (CWA) 7,2 bal ululygyndadygyny aýdan ýer titremede sebäpli Hualýan şäherinde köp sanda bina zeper ýetendigini we ýumrulandygyny mälim etdi.

USGS ilkinji ýer titremeden 20 minut soň Hualýan şäheriniň 11 km demirgazyk-gündogarynda ýeriň 12,6 km aşagynda 6,4 bal ululygynda 2-nji gezek ýer titremäniň bolandygyny aýan etdi.

Hualýan şäheriniň gündogaryndaky Suhua ýolunuň käbir bölümleriniň çökmegi netijesinde ýol dolulygyna ýapyldy, Taoýuan Halkara howa menziliniň üçeginiň hem bir bölegi çökdi.

Hualýan şäheriniň töweregindäki we adanyň içerki bölegindäki köp sanda ýoluň çökmegi we gaýalaryň gaçmagy sebäpli ýollar ulaglara ýapyldy.

CWA onuň soňky 25 ýylda Taýwanda bolan iň uly ýer titremedigini belläp, adanyň demirgazyk sebiti üçin sunami duýduryşyny berdi.

Beýleki tarapdan Ýaponiýanyň Meteorologiýa agentligi ýurduň günorta-günbataryndaky Okinawa we Miýako adalary üçin beren sunami duýduryşyny aýyrdy.

Filippinleriň Wulkanologiýa we seýsmologiýa instituty bolsa sunami howpy sebäpli kenarýaka sebitleriň boşadylmagy barada çagyryş berdi.

Taýwanda 1999-njy ýylyň 21-nji sentýabrynda paýtagt Taýpeýiň 150 km günortasynda başdan geçirilen 7,7 bal ululygyndaky ýer titremede takmynan 2 müň 400 adam ýogalypdy, 100 müňden gowrak adam ýaralanypdy, müňlerçe bina ýumrulypdy.

Ýene degişli makalalar

Taýwanda 7,4 bal ululygynda ýer titremesi boldy
Taýwanda güýçli ýer yrandy
Aşgabatda döwlet bagşyçylyk bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda 3,5 müň maşgala üçin şäherçeler gurulýar, Apple iPhone 15 nesline degişli smartfonlaryny tanyşdyrdy we beýleki habarlar
11-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşyklaryna Aşgabatda taýýarlanýar
Türkmen mekdep okuwçylaryna ýurduň Prezidentiniň adyndan noutbuklar sowgat berler, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipä bellendi we beýleki habarlar