Tbiliside Ýewropa we GDA sebiti üçin töleg boýunça okuw maslahaty geçirildi

Tbiliside Ýewropa we GDA sebiti üçin töleg boýunça okuw maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 1011-nji martynda Tbiliside Bütindünýä poçta bileleşiginiň (BPB) Halkara býurosy tarapyndan gurnalan BPB-niň Ýewropa we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlary üçin tölegler boýunça okuw seminary geçirildi. Çäräniň açylyş dabarasynda Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň Aragatnaşyk, maglumat we häzirki zaman tehnologiýalary bölüminiň müdiri E.Kubusidze, BPB-niň Tbilisidäki sebitleýin edarasynyň wekili K.Aleksidze we beýlekiler çykyş etdiler.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň Halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy M.Ataýew gatnaşdy.Bu okuw seminarda Ýewropanyň we GDA-nyň poçta operatorlarynyň hatlary, kiçi bukjalary hem-de olaryň ýollanmalary üçin BPB-niň töleg ulgamlary baradaky tehniki bilimlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Iki günüň dowamynda maslahata gatnaşyjylar BPB-niň 28-nji mejlisinde girizilen töleg ulgamy (ITU) boýunça kabul edilen möhüm çözgütleriň netijesinde girizilen täze töleg ulgamlarynyň aýratynlyklary we olaryň iş ýüzünde ornaşdyrylyşy bilen tanyşdyryldy.

Bu seminar tutuş sebitde poçta howpsuzlygyny berkitmäge gönükdirilen möhüm başlangyç bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Belarusyň we Türkmenistanyň esasy poçta kompaniýalary hyzmatdaşlygy dowam etdirer
Halkara maliýe gurluşlary Türkmenistanyň resmi maglumatlarynyň ygtybarly däldigini aýdyp, olary ulanmakdan ýüz öwürýärkä, Berdimuhamedow IHD-niň ösýändigini tekrarlaýar
Deňizlerdäki täze howp
Türkmen-Tranzit IT kompaniýasy Türkmenbaşydaky şahamçasyna işe çagyrýar
Azerbaýjan türkmen gazynyň eksporty üçin Transhazar gaz geçirijisini goldap biler
Dünýäniň iň iri polat eredijisi planetany halas etmek kararyna geldi