TBMM-niň Başlygy Şentop, Antalýada Özara Duşuşyklar Geçirdi

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Aziýa Parlamentarlar Assambleýasynyň 13-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Antalýa gelen Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy Sahibe Gafarowa we Eýranyň Yslamy Arkalaşyk Mejlisiniň başlygy Bager Galidaf bilen duşuşdy.

Şentop duşuşykda, Türkiýäniň sebitleýin meseleleriň sebitde ýerleşýän ýurtlaryň arasyndaky geçiriljek gepleşikler we hyzmatdaşlyk arkaly çözülmelidigini aýtdy.

Mustafa Şentop, “Üç doganlyk ýurduň mejlisiniň başlygy hökmünde bir ýere jemlenişmegimiz sebitimizde parahatçylygyň, durnuklylygyň we asudalygyň güýçlenmegi üçin tagalla edýändigimizi görkezýär” diýdi.

Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda başdan geçirilýän kynçylyklar hakynda hem durup geçen Şentop, Türkiýäniň bir tarapdan Azerbaýjana goldaw berýändigini, beýleki tarapdan hem Ermenistan bilen kadalaşma etabyny başladandygyny ýatlatdy.

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy Sahibe Gafarowa we Eýranyň Yslamy Arkalaşyk Mejlisiniň başlygy Bager Galidaf hem üçtaraplaýyn duşuşyklaryň dowam etdirilmegine goldaw berdi.

Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Eýranyň Mejlisiniň başlygynyň nobatdaky duşuşygynyň Bakuda ýada Tähranda geçirilmegi boýunça ylalaşyk gazanyldy.

Beýleki tarapdan TBMM-niň başlygy Şentop maslahatyň çäginde DKTR-nyň Jemhuriýet Mejlisiniň başlygy Zorlu Töre we Yragyň Wekiller Mejlisiniň başlygynyň wekili Muhsin Ali Akber Al Mendelawi bilen hem duşuşdy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Finlýandiýanyň Prezidenti Stubb TBMM-niň Başlygy Numan Kurtulmuş Bilen Duşuşdy
Terrorçy Bary Iusubow Tussag Edildi
Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenler sylaglandy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Antalýa howa menzilinde oktýabr aýynda 4 million 714 müň ýolagça hyzmat berildi
Antalýa Gelýän Syýahatçylaryň Sany Köpelýär