TDHÇMB-da çarşenbe güni suwuklandyrylan gazyň 10 müň tonnasy satyldy

TDHÇMB-da çarşenbe güni suwuklandyrylan gazyň 10 müň tonnasy satyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni daşary ýurt puluna geçirilen söwdalarynda Özbegistandan we Owganystandan gelen işewürler suwuklandyrylan gazyň 10 müň tonnasyny satyn aldylar. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan suwuklandyrylan gazyň bir tonnasy 341 ABŞ dollary bolup, geleşikleriň umumy bahasy 3 million 410 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Şeýle hem Owganystanyň we BAE-niň telekeçileri jemi bahasy 3 million 740 müň 750 ABŞ dollaryna deň bolan dizel ýangyjynyň 6,5 müň tonnasyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, Azerbaýjanyň işewür toparlarynyň wekilleri 41,5 müň kilograma deň bolan tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümlerini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 186 müň 750 ABŞ dollaryna deň boldy.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler 98 müň 700 manada deň bolan SN-350 kysymly esas ýagyny satyn aldylar.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

Ýene degişli makalalar

TDHÇMB-da anna güni eksport geleşikleri $10 milliona golaýlady
TDHÇMB: BAE-niň işewürleri $26,95 millionlyk karbamid satyn aldylar
TDHÇMB-da eksport geleşikleri $14 milliona golaýlady
TDHÇMB-da eksport geleşikleri $18 milliona golaýlady
TDHÇMB-da eksport geleşikleri $29,5 milliondan geçdi
Birža söwdalarynda "B" kysymly karbamid eksport edildi
Türkmenistanda mekdep bazarlary işläp başlady