TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 12 million 258 müň dollaryndan gowrak boldy

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 12 million 258 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy.Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy satyn aldylar.

Mundan başga-da, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük, dokma önümleri, ýoduň spirtli ergini ýerlenildi.Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 12 million 258 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 44 million 302 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagy, polipropileni, peç ýangyjyny (Türkmennebit döwlet konserni), gazbeton bloklaryny, bugdaý ununy, nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

Mart I hepde: TDHÇMB-da 254 million manada golaý geleşik baglaşyldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 350 million 748 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-da şenbe güni 100 million manatlyk tehniki kükürt satyldy