TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni we binýatlyk ýagy satyn aldylar.

Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Estoniýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine jins önümleri, dokma önümçiliginiň galyndylaryndan dikeldilen süýüm, nah ýüplük we mata, garaköli ýüňi, bugdaý uny ýerlenildi.Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 229 million 413 müň manatdan gowrak bolan polipropileni we binýatlyk ýagy (Türkmennebit döwlet konserni), tehniki kükürdi (Türkmengaz döwlet konserni), pagta soapstogynyň distillirlenmedik çig ýag turşulygyny, boýalan tüýjümek matany, ýüpek we nah matany, bugdaý ununy satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 699 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 889 müň dollaryndan gowrak boldy
Mart III hepde: TDHÇMB-da 26,2 million manatlyk geleşik baglaşyldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 350 million 748 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy 5 million 506 müň dollardan gowrak boldy