TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda döredijilik bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlenildi

TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda döredijilik bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlenildi

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan yglan edilen Magtymguly, dile dessan getirdim atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.Bu bäsleşige ýurdumyzyň döredijilik we ylym bilen meşgullanýan raýatlary, ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan zehinli ýaşlar Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlap döreden hekaýalary, makalalary we goşgulary bilen gatnaşdylar.

Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berildi.

Bäsleşigiň eminler topary döredilen eserleriň döwrebaplygyna, çeper beýan ediliş we žanr aýratynlygyna üns berdiler. Bäsleşige hödürlenýän eserleriň arasyndan Iň gowy hekaýa, Iň gowy makala, Iň gowy goşgy ugurlary boýunça ýeňijiler kesgitlenildi.

Iň gowy makala ugry boýunça ýeňijiler:

I ýer — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Muhammetnur Mahtumow;

II ýer — Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy Bahar Ataýewa;

III ýer — Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy Jennet Geldibaýewa.

Iň gowy goşgy ugry boýunça ýeňijiler:

I ýer — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy Maksatmyrat Çaryýew;

II ýer — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Didar Erkäýew;

III ýer — Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Bahargül Halytgulyýewa.

Iň gowy hekaýa ugry boýunça ýeňijiler:

I ýer — Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Atamyrat Ýazweliýew;

II ýer — Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Ylýas Amangeldiýew;

III ýer — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Söýli Hydyrowa.

Şeýle hem höweslendiriji baýraga Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Jeýhun Jumaşow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Şirin Orazmyradowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Sülgün Seýidowa mynasyp boldular.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidenti täze ýolbaşçylary wezipä belledi
Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
Tälimçileriň PRO derejeli okuwçy Aşgabat stadionynda dowam etdi
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany