TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Ýapniýanyň Soka uniwersitetiniň wekilleri özara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Ýapniýanyň Soka uniwersitetiniň wekilleri özara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar

28-nji aprelde Ýaponiýanyň Soka uniwersitetinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow hem-de häzirki wagtda Ýaponiýada saparda bolýan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen tegelek stol duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Ýaponiýanyň Soka uniwersitetiniň rektory, professor-mugallymlary, talyplary we Ilçihananyň işgärleri gatnaşdylar.

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi saýtynda habar bermegine görä, tegelek stoluň esasy temasy ýaşlar syýasatynda uniwersitetleriň we ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk ugruna bagyşlandy.Taraplar onlaýn okuwlary geçirmek, wekiliýet alyş-çalşy, neşir işleri alyşmak we makalalary ylmy žurnallarda çap etmek ýaly dürli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşyklary berkitmäge we bilimde, ylmy-barlag pudagynda talyplar we mugallymlar üçin mümkinçilikleri giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.

Uniwersitetleriň we ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýaşlar syýasatynyň möhüm ugrudygyny bellemek bilen, şeýle çäreleriň tejribe we bilimleri alyşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdigini aýtdylar. Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara hyzmatdaşlyk we wekiliýetleriň alyş-çalşygy barada Ähtnama gol çekilmegine aýratyn üns berildi.

Taraplar ylmy-amaly maslahatlar we seminarlar ýaly bilelikdäki çäreleri geçirmek, şeýle hem talyp we mugallym alyş-çalyş maksatnamalaryny işläp düzmek barada ylalaşdylar.Bu çärä ýaşlar syýasatynyň ösdürilmegine we halkara alyş-çalyşlaryna gatnaşmak mümkinçiligine gyzyklanma bildiren talyplar gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Nazir Habibowyň täze klibi, bilim ulgamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar pugtalandyrylýar, 2023-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek medeni çäreleriň maksatnamasy we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistan we Koreýa bilim pudagynda gatnaşyklary berkitmegi ara alyp maslahatlaşýarlar
Bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler forumy
250-den gowrak adam Aşgabatda geçirilen Ýeňiş diktanty çäresine gatnaşdy, Daşoguz welaýatynda geçirilen at çapyşyklarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy ugrunda ýaryşyldy we beýleki habarlar
Tokio şäheriniň häkimliginiň wekilleri Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna çagyryldy