Tebigat gözellik paýlaýar

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Çynar” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýaşaýyşyň we sazlaşygyň gözbaşy bolan türkmen tebigatynyň ajaýyp keşbi barada “Tebigat gözellik paýlaýar” atly söhbetdeşlikli duşuşygy geçirdi.

Kitaphana hünärmenleri tebigaty we agaçlary söýmegi öwredýän gyzykly hekaýalary, tebigatymyzyň gözelliklerini wasp edýän täsirli goşgulary okap bermegi çagalarda has-da daglar, tokaýlar, sähralar barada täsin maglumatlarynyň baýlaşmagyna getirdi.Tebigat - bizi saklaýan we iýmitlendirýän öýümiz.

Ony synlamak, öwrenmek we geljekki nesillere arassa saklamak, gowşurmak her bir adamyň borjudyr. Çünki tebigat - bu diňe bizi gurşap alýan agaçlar ýa-da daglar däl, eýsem Bütindünýäde ýaşaýşyň dowam etmegini üpjün edýän, özara berk baglanyşykly älem-jahan ulgamy.

Ine şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňler edildi.Gözel tebigatyň gujagynda, daglardan akýan çeşmeleriň sesine diň salyp tomusky dynç alyş möwsümini sapaly geçirýän ýas nesiller türkmen tebigatynyň asudalygyny, gözelligini sungat derejesine ýetirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Kitaphana ýaş okyjylary sylaglaýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy mynasybetli kitaphanaçylaryň ýürek buýsanjy
Kitaphana hünärmenleriniň ýürek buýsanjy
Dost doganlyk gatnaşyklary dünýä dolýar
Kitaphanalar ylham ojagy
Kitaplar dünýäsine wirtual syýahat: Türkmenistanda kitaphana ulgamynyň sanly özgertmeleri işjeň ösdürilýär