Tehasdaky tokaý ýangynlarynda müňlerçe haýwan heläk boldy

Tehasdaky tokaý ýangynlarynda müňlerçe haýwan heläk boldy

Amerikanyň Tehas ştatynda tokaý ýangynlary barha möwjeýär diýip, 24KZ habar berýär. Ýangynlaryň başlanan wagtyndan bäri eýýäm bir hepdä golaý wagt geçdi, iki adam we müňlerçe tokaý haýwany pida boldy. Tokaýlaryň 440 müň gektary ýandy, 500 töweregi bina ýumruldy. Elektrik geçirijileriň 200 kilometrden gowragy hatardan çykdy.

Ýangynyň häzir 15 göterimini söndürmek başartdy. Emma güýçli şemaldyr yssy howa sebäpli ýangyny doly ýeňip bolanok. Ştatyň 60 okrugynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi, onlarça uçar ýangyny öçürmäge çekildi.

Tebigy heläkçiligiň sebäbi howanyň üýtgemegi we El-Nino hadysasy diýip, hünärmenler aýdýarlar.

Ýene degişli makalalar

25 ýyl doldy
ABŞ-da Bolan Dikuçar Heläkçiliginde 3 Esger Ýogaldy
Tramp Amerikanyň 14 ştatynda başlangyç saýlawlarda ýeňiş gazandy
ABŞ-nyň Tehas ştatynda tokaý ýangynlary sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi
Garward ABŞ-nyň iň baý uniwersiteti boldy
ABŞ-nyň Tehas ştatyndaky buthanalaryň biriniň golaýynda bir zenan töwerege ot açdy