Tel-Awiw ilkinji gezek dünýäniň iň gymmat şäherleriniň sanawynda birinji boldy

Tel-Awiw ilkinji gezek dünýäniň iň gymmat şäherleriniň sanawynda birinji boldy

Tel-Awiw iň gymmat durmuş derejeli şäherleriň reýtinginde bir ýylda bäş orun ýokary galyp, birinji ýeri eýeledi. Ikinji orunda Pariž ýerleşdi. Bu barada Economist Intelligence Unit-iň geçiren barlagyna salgylanyp, rus.err.ee habar berdi.

Meduza portalynyň habaryna görä, Tel-Awiw şäheri birinji orna Ysraýylyň pul birligi bolan şekeliň ABŞ-nyň dollaryna garşy çalt ösmegi we iýmitiň, alkogol içgileriniň hem-de ulaglaryň bahalarynyň ýokarlanmagynyň netijesinde ilkinji gezek çykdy.

Reýtingde ikinji ýeri mundan bir ýyl öň Gonkong we Sýurih bilen bir hatarda sanawyň başyny çeken Pariž eýeledi. Täze reýtingde Pariž ikinji ýeri Singapur bilen bilelikde eýeledi. Sýurih we Gonkong, degişlilikde, üçünji we dördünji orny eýeledi. Dünýäniň iň gymmat şäherleriniň onlugyna Nýu-Ýork, Ženewa, Kopengagen, Los-Anželes we Osaka hem girdi.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň gymmat şäherleri
Wena ýaşaýyş üçin dünýäniň iň gowy şäherleriniň sanawynda birinji orna gaýdyp geldi
Iň gowy şäherler sanawy düzüldi
Ýaşamaga iň oňaýly 10 şäher
ABŞ-dan Ysraýyla Ok-däri Ugradylmagy Bes Edildi
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Türkiýede Saparda Bolar
Dagystanda Ysraýyldan gelen uçaryň gonandygy baradaky habardan soň dartgynlyk başdan geçirildi