Telefon arkaly söhbetdeşlik

Telefon arkaly söhbetdeşlik

Düýn 23-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyna öz adyndan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Podmoskowýede bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly waka zerarly tüýs ýürekden gynanjyny beýan edip, wepat bolanlaryň garyndaşlaryna we ýakynlaryna duýgudaşlyk hem-de medet beriji sözlerini, bu elhenç terrorçylyk zerarly heläkçilik çekenlere tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, türkmen-rus gatnaşyklarynyň uly ähmiýetini nygtady we rus tarapynyň iki ýurduň halklarynyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etdirmäge berk ygrarlydygyny tassyklady.

Söhbetdeşligiň dowamynda Russiýanyň Türkmenistan üçin hemişe goňşy, dostlukly ýurt, strategik hyzmatdaş bolandygy we şeýle bolmagynda-da galýandygy bellenildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyna Russiýanyň halkyny hemişe goldaýandygy baradaky sözlerini ýene-de bir gezek beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ADYNDAKY HOWANDARLYGA MÄTÄÇ ÇAGALARA HEMAÝAT BERMEK BOÝUNÇA HAÝYR-SAHAWAT GAZNASYNYŇ BEJERIŞ IŞLERI BOÝUNÇA WISE-PREZIDENTINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNA IŞ SAPARY
Oguljahan Atabaýewa Sankt-Peterburg şäherinde saparda bolýar
Oguljahan Atabaýewa Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy
Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Matwiýenko Türkiyä sapar gurar
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ FEDERAL ÝYGNAGYNYŇ FEDERASIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGY BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
Medwedew: Türkmenistan, Russiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlarynda ýokary netijeleri gazandylar