Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Siirt welaýatyndaky Eren Gabaw-17 operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirilen ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçynyň 1-iniň adynyň Terror sanawynyň çal kategoriýasynda bolandygy habar berildi.

Siirt welaýatynyň Perwari etrabynyň Ýazlyja (Herekol) Dagy sebitinde bardygy anyklanan terrorçylara garşy, 19-njy iýunda geçirilen Eren Gabaw-17 Şehit Žandarma seržant Erjen Özjan operasiýasynda 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilipdi.

Täsirsiz ýagdaýa getirilen terorçynyň biriniň Botan welaýatynyň Herekol sebitinde YJA-Star zenanlardan jogapkär, sapýor hökmünde iş alyp baran we ady Terrordan gözlenýänleriň sanawynda 500 müň lira sylag goýulan çal kategoriýadaky Arin adyny ulanýan Şükran Alp bolandygy anyklandy.

Şol terrorçylaryň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi bilen 31-nji maýda Siirt welaýatynyň Perwari etrabynyň Dogan obasynyň golaýynda terrorçylar tarapyndan ýerleşdirilen elde ýaslan minanyň partlamagy netijesinde şehit bolan seržant Erjan Özjanyň gany ýerde galmady.

Siriýada hem 18 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi, Zeýtun Şahajygy we Ýewfrat Galkany sebitlerine hüjüm guramak üçin taýarlyk görendikleri anyklanan PKK/ÝPG-e agza 18 terrorçynyň üstünlikli geçen operasiýa bilen täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi.

Beýleki tarapdan bolsa ekstremist terror guramasy PKK-nyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň biri bolan Delal Azizogly, Milli Howpsuzlyk gullugynyň Yragyň demirgazygyndaky Süleýmaniýe şäherinde geçiren operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Howpsuzlyk gullugy birnäçe gün ozal bolsa PKK-nyň Siriýa awtonom dolandyryş merkeziniň dolanşyk geňeşiniň egindeş baştutany siriýaly terrorçy Hüseýin Şiblini Yragyň demirgazygyndaky Süleýmaniýe şäherinde täsirsiz ýagdaýa getiripdi.

Ýene degişli makalalar

Terrorçy Wahide Atalaý Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 4 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 4 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
PKK-ly 12 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Türkiyäniň Ýaragly güýçleriniň terrora garşy göreşi tutanýerlilik bilen dowam edýär
Hakan Fidan Belgiýa gitdi