Teýmur Çaryýew Abdyş-Ata bilen gyrgyz çempionatyndaky ilkinjiduşuşykda goragda sak durdy

Teýmur Çaryýew Abdyş-Ata bilen gyrgyz çempionatyndaky ilkinjiduşuşykda goragda sak durdy

Abdyş-Ata Gyrgyzystanyň futbol çempionatynyň 1-nji tapgyrynda Talanty kabul edip, garşydaşy bilen deňme-deň oýnady. Başlanyşy ýaly, 0:0 tamamlanan duşuşykda toparlar 1 utukdan paýlaşdylar.

Türkmenistanly goragçy Teýmur 1-nji tapgyrda Abdyş-Atanyň düzüminde gyrgyz çempionatyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi. Ol 64-nji minutda gazagystanly Yslam Mejidowy çalyşdy.

Geçen ýyl Marynyň Energetiginde futbol oýnan Çaryýew Abdyş-Ata geçen gyşky transfer penjiresinde goşuldy. Ol täze toparyndaky ilkinji resmi duşuşygyny Gyrgyzystanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky oýunda geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Arkadag topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň ýaryşynda ilkinji möwsümini tamamlady
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Senagatbank bassyr ikinji ýeňşini gazandy
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: 3-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Daşoguzdaky duşuşyklar tamamlandy
Mirza Beknazarow Estoniýanyň Narwa Trans topary bilen şertnama baglaşdy
Maksim Kazankow ýene toparyny täzeledi