Teýmur Çaryýewiň sary kart gören duşuşygynda Abdyş-Ata uly hasap bilen ýeňiş gazandy

Teýmur Çaryýewiň sary kart gören duşuşygynda Abdyş-Ata uly hasap bilen ýeňiş gazandy

Türkmenistanly goragçy Teýmur Çaryýewiň 12-nji minutda sary kart gören duşuşygynda Abdyş-Ata Gyrgyzystanyň Premýer ligasynda bassyr ikinji ýeňşini gazandy.

3-nji tapgyryň çäginde Kant şäherindäki Merkezi stadionda geçirilen duşuşykda Abdyş-Ata Muras Ýunaýted toparyny kabul etdi. Duşuşyk ýer eýeleriniň 3:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeňiji toparyň gollaryny 11-nji minutda Aýzar Akmatow, 18-nji minutda Arlen Şarşanbekow we 48-nji minutda Kaýrat Izakow geçirdi.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň wekili Teýmur Çaryýew başlangyç düzümde meýdana çykdy we ilkinji goldan 1 minut soňra baş emin Nurzatbek Abdykadyrowdan sary duýduryş kartyny gördi.

Abdyş-Ata üç duşuşykdan soň utugyny 7-ä çykardy. Muras Ýunaýted bolsa 2 utukda galdy.

Gyrgyzystanyň çempionatynyň 3-nji tapgyry şu gün Dordoý ― Ilbirs duşuşygy bilen dowam eder. Türkmenistanly hüjümçi Myrat Ýagşyýewiň Neftçisi ertir ― 13-nji aprelde Kant şäherinde ýerli Talantyň myhmany bolar.

Ýene degişli makalalar

5-nji martda Gazagystanyň futbol çempionatyna badalga berler
Gazagystanyň Naýbaşy kubok duşuşygy Nur-Sultan şäherinde geçiriler
Kaýrat Iwan Danilýansyň doglan gününi gutlady
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DAŞKENTDE GEÇIRILEN BMG-NIŇ TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MASLAHATYNA GATNAŞDY
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça sebitleýin maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň wekili terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Daşkent maslahatyna gatnaşdy