TFF-niň kubogy ― 2021: Şagadam Altyn asyryň ýaşlaryndan üstün çykdy

TFF-niň kubogy ― 2021: Şagadam Altyn asyryň ýaşlaryndan üstün çykdy

TFF-niň kubogynyň A toparçasynyň ikinji tapgyrynda Şagadamyň Altyn asyryň ýaşlaryny 2:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Aşgabat köpugurly sport toplumynyň merkezi meýdanynda geçirildi.

Şeýlelikde, yzda galan iki tapgyrda 3 utuk toplan Şagadam toparçada üçünji orna çykdy. Toparçanyň başyny her biri 4 utukly Aşgabat bilen Energetigiň çekýändigini habar beripdik. Altyn asyr II-de bolsa heniz utuk ýok.

Ertir B toparçanyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde Merw ― Ahal we Köpetdag ― Nebitçi duşuşyklary geçiriler.

TFF-niň kubogy ― 2021. A toparça. 2-nji tapgyr

Altyn asyr ― 2 ― Şagadam ― 1:2.

Gollar: Merdan Muhadow, 38 (11 m.j.u.) ― Myrat Ýagşyýew 5, Ruslan Täjiýew 72.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmen alabaýy — merdanalygyň nusgasy atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Melodiýa orkestriniň bahar çemeni
Türkmenistanyň makroykdysady durnuklylygy we ählumumy integrasiýasy IFT 2026 halkara forumyň esasy mowzuklarynyň hatarynda
ŞÜKÜR BAGŞYNYŇ 195 ÝYLLYK ÝUBILEÝI
Melodiýa orkestriniň ýerine ýetirmeginde meşhur aýdymlar janly sesde ýaňlanar
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA-NYŇ YKDYSADY GEŇEŞINIŇ 109-NJY MEJLISINE GATNAŞDY