TFF-niň kubogy: 7 golly açylyş duşuşygynda Energetik Altyn asyr II-den üstün çykdy

TFF-niň kubogy: 7 golly açylyş duşuşygynda Energetik Altyn asyr II-den üstün çykdy

Düýn, 17-nji iýunda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berildi. Ozal hem habar berşimiz ýaly, ýaryşa 8 topar gatnaşýar. Olaryň 7-si Ýokary liganyň wekilleridir. Ýurdumyzyň häzirki çempiony Altyn asyryň oýunçylarynyň aglabasynyň ýakynda milli ýygyndymyzyň hatarynda Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama duşuşyklaryna gatnaşyp gelenligi sebäpli, TFF-niň kubogynda bu toparyň ýaşlary ýaryşar.

Hatda ýaryşyň ilkinji duşuşygy hem Altyn asyr II-niň gatnaşmagynda geçirildi. Aşgabat köpugurly sport toplumynda geçirilen duşuşykda topar Energetik bilen güýç synanyşdy. Duşuşygyň A toparçanyň çäginde geçirilendigini ýatdalýarys.

Eýýäm 10-nji minutda Altyn asyr II Şamämmet Hydyrowyň geçiren pökgüsi bilen öňe saýlandy. Şol bir wagtyň özünde bu pökgi TFF-niň kubogy ― 2021-iň ilkinji goly hökmünde bellige alyndy. Ýöne Energetigiň jogaby gijikmedi. 15-nji minutda Orazmuhammet Işangulyýew Mary DES-niň toparynyň hasaby deňlemegine ýardam etdi.

Altyn asyryň ýaş futbolçylary şondan soň hem erjelligini görkezip, birinji ýarym tamamlanýança, garşydaşyň derwezesinden iki pökgi geçirdiler.Bu gezek 32-nji minutda Oraz Orazow, 43-nji minutda Merdan Muhadow tapawutlandy. Şeýle-de bolsa, şu ýyl geçen ýyldaka görä düzümini güýçlendiren Energetik umydy elden bermedi.

Olar Altyn asyr II-niň duşuşykdaky üçünji pökgüsinden iki minut geçensoň, Orazgeldi Seýidowyň geçiren pökgüsi bilen hasaby ýygyrdylar. Şeýlelikde, duşuşygyň birinji ýarymy 3:2 hasabynda Altyn asyr II-niň peýdasyna tamamlandy.

Tersine, ikinji ýarymda üstünlik Energetige gülüp bakdy. Topar 62-nji minutda Serdar Annamämmedowyň geçiren pökgüsi bilen hasaby deňledi. Parahat Jumamyradow bolsa 73-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip, hasaby Energetigiň peýdasyna 4:3-e çykardy. Şol bir wagtyň özünde bu pökgi duşuşygyň ykbalyny kesgitledi.

A toparçanyň indiki tapgyrynda Altyn asyr II Şagadam bilen, Energetik bolsa Aşgabat bilen duşuşar.

TFF-niň kubogy ― 2021. A toparça. 1-nji tapgyr.

Altyn Asyr II ― Energetik ― 3:4

Gollar: 10 Şamämmet Hydyrow, 32 Oraz Orazow, 43 Merdan Muhadow ― 15 Orazmuhammet Işangulyýew, 45 Orazgeldi Seýidow, 62 Serdar Annamämmedow, 73 (11 m.j.u.) Parahat Jumamyradow.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky bäsleşige badalga berildi
TÝL ― 2022: Köpetdag Aşgabady iki pökgi artykmaçlygy bilen ýeňdi
TFF-niň kubogy ― 2021: birinji günüň duşuşyklaryndan soň sanlar we maglumatlar
Ahal Köpetdag bilen Nebitçiden ýene iki futbolçyny düzümine goşdy
TÝL ― 2022: paýtagt derbisinde ýeňiji ýok