The New York Times Pulitser baýragyny aldy

The New York Times Pulitser baýragyny aldy

The New York Times gazeti iň abraýly nominasiýalaryň biri bolan jemgyýete hyzmaty üçin koronawirus pandemiýasyna bagyşlanan materiallary üçin Pulitser baýragyna mynasyp boldy. Bu barada Day.Az habar berýär.

Şeýle-de bellesek, Associated Press agentligi fotografiýa ugrundan iki Pulitser baýragynyň eýesi boldy.Jyns taýdan nägilelikler we COVID-19 pandemiýasy ýylynda Minneapolisden “Star Tribune” gazeti Jorj Floýduň janyna kast edilmegini we onuň netijelerini şöhlelendirendigi üçin “Gyssagly habarlar” baýragyny aldy. Çeper surat üçin baýrak Ispaniýadaky Associated Press agentliginiň esasy fotografy Emilio Morenattä gowşuryldy.

Fotograf plastik örtüm arkaly gujaklaşýan garry jübütleri surata düşürdi.Bu agentligiň on fotografy Jorj Floýduň janyna kast edilmegi sebäpli ýüze çykan nägilelikleri beýan edendikleri üçin baýrak aldylar. Žurnalistik derňewi üçin baýragy “The Boston Globe” aldy.

Reportažlary üçin milli baýraga The Marshall Project, Al.com, IndyStar we Invisible Institute neşirleriniň işgärleri mynasyp boldy.BuzzFeed News halkara reportažlary ugrundan özüniň ilkinji Pulitser baýragyny aldy.

Ýene degişli makalalar

TURKMENISTAN AND UNOPS: NEW LANDMARKS OF COOPERATION FOR THE ATTAINMENT OF THE SUSTAINABLE DEVELOPMENT GOALS
Bageri Kenni ispan kärdeşi bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebitdäki ösüşler barada gepleşik geçirdi
Dünýäniň iň gowy futbolçysy üçin “Altyn topa” 30 dalaşgäriň sanawy belli edildi
Repçi Lil Nas X-iň Montero klibi Ýylyň iň gowy aýdym-saz wideosy boldy
UEFA-da ýylyň futbolçylary baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi
Çelsi UEFA-nyň Super kubogyna mynasyp boldy