THÝ Ýewropada Liderligini Gorap Saklaýar

THÝ Ýewropada Liderligini Gorap Saklaýar

Türk Howa Ýollary, mart aýynyň 15-21-i aralygynda günde ortaça 670 uçar sapary bilen Ýewropada liderligini gorap saklady.

Ýewropa Howa gatnawy gullugynyň, mart aýynyň 15-21-i aralygynda guralan uçar saparlary hakyndaky görkezijilreine görä, THÝ günde ortaça 670 uçar sapary bilen Ýewropaly bäsdeşlerinden öňe saýlandy.

Sanawda THÝ 670 uçar sapary bilen birinji, 362 uçar sapary bilen Air Frans ikinji, 285 uçar sapary bilen Pegasus howa ýollary üçünji, 273 uçar sapary bilen Lufthansa dördünji orny eýeledi.

Habarnamada ähli uçar saparlarynyň 4 göterim artandygy bellenildi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy 'Türkmenhowaýollary' bilen bagly howpsuzlyk duýduryşyny ýaýratdy
Dekabr aýyndan başlap Türkmenistan awiakompaniýasy AGPJ-niň uçar ugurlary artar
“Türkmenhowaýollary” ÝB-niň çäklerine amala aşyrýan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýdy
ÝUNISEF-iň başlangyjy bilen howaýollary şereketleri COVID-19 sanjymlarynyň daşalmagyna goldaw berer
THÝ Liderligini Dowam Etdirýär
Türk Howaýollary Ýewropada Liderligi Elden Bermeýär