Ýewropanyň Awianawigasiýa howpsyzlygy guramasynyň 8-14-nji mart aralygyndaky uçuş gatnawyna görä Türk howaýollary günde ortaça 649 uçuş bilen ýewropaly bäsdeşlerinden öňe geçdi.
Sanawyň başynda durýan Türk howaýollaryndan soň günde 358 uçuş bilen Air Frans howaýollary ikinji orny eýeleýär.
Sanawda üçünji orny eýeleýän KLM 243 uçuş, dördünji orny eýeleýän Lufthansa bolsa 231 uçuş amala aşyrdy.
