Time 2021-nji ýylyň iň täsirli 100 adamsynyň sanawyny neşir etdi

Time 2021-nji ýylyň iň täsirli 100 adamsynyň sanawyny neşir etdi

Time žurnaly 2021-nji ýylyň iň abraýly 100 adamynyň sanawyny neşir etdi. Oňa gatnaşyjylar “Pionerler”, “Titanlar”, “Kumirler”, “Täzelikçiler”, “Liderler”, “Sungat işgärleri” diýen kategoriýalara bölündiler. Bu barada TASS habar berýär.

Billi Aýliş “Pionerler” kategoriýasynda iň abraýly şahsyýetleriň biri boldy. Şeýle-de, bu sanawda Ben Kramp (amerikaly hukukçy, geçen ýyl Minneapolisde polisiýa işgärleri tarapyndan tutulanda ýogalan Jorj Floýduň maşgalasynyň aklawçysy), ABŞ-dan gimnastikaçy Sunisa Li, Ýewrokomissiýanyň başlygynyň orunbasary Fras Timmermans bar.

19 gezek dünýä çempiony we dört gezek Olimpiýa çempiony bolan amerikaly gimnastikaçy Simona Baýlz Apple korporasiýasynyň ýolbaşçysy Tim Kuk, “Minari” (2020) filmi bilen meşhur bolan günorta koreýaly aktrisa Ýun Ýo Jon we beýlekiler bilen bilelikde “Titanlar” kategoriýasyna goşuldy.

“Kumirler” kategoriýasynda žurnal haýyr-sahawat işleri üçin britaniýaly şazada Garri bilen onuň aýaly aktrisa Megan Markly belledi. Bu kategoriýa ýaponiýaly tennisçi Naomi Osaka, şeýle-de Alekseý Nawalnyý, amerikaly aýdymçylar Britni Spirs we Dolli Parton hem girdi.

“Täzelikçiler” kategoriýasynda iň abraýly adamlaryň biri Nvidia amerikan kompaniýasynyň ýerine ýetiriji müdiri Jensen Huang boldy. Bu kategoriýada Tesla we SpaceX kompaniýalaryny esaslandyryjy Ilon Mask, Wengriýadan biohimik Katalin Kariko, Kesellere gözegçilik we öňüni alyş boýunça afrikan merkezleriniň müdiri Jon Nkengasong we Ethereum kriptowalýutasyny dörediji Witalik Buterin hem orun aldy.

Žurnal “Liderler” toparynda Bütindünýä söwda guramasynyň ýolbaşçysy Ngozi Okonjo-Iwealany, şeýle-de ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeni we wise-prezident Kamala Harrisi, HHR-iň prezidenti Si Szinpini, “Taliban” hereketiniň syýasy toparynyň lideri Abdul Gani Baradary we beýlekileri belledi.

Žurnalyň wersiýasy boýunça, “Sungat işgärleri” kategoriýasynda iň abraýly adamlar şular boldy: amerikaly aktrisa Keýt Uinslet, “Çarwalaryň topragy” (Nomadland, 2020) filmi üçin “Iň gowy film” nominasiýasynda “Oskar” baýragyna mynasyp bolan režissýor Hloýa Çžao, repçi Lil Nas X, ýazyjy Nora K.Jemisin.

Ýene degişli makalalar

Titanik gämisiniň ýolagçysynyň sagady 1,175 million funt sterlinge satyldy
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31...
Kristian Beýl iň oňat keşpleriň Di Kaprio hödürlenýändiginden nägile
iPhone üçin wiruslardan we bakteriýalardan saplanmaga ukyply çehol çykaryldy
110 ýyldan soňra surata düşürildi 
Dünýäniň Iň Uly Ýahtasy Bodruma Geldi