Ýemenli inžener uçýan myhmanhananyň taslamasyny işläp düzdi

Ýemenli inžener uçýan myhmanhananyň taslamasyny işläp düzdi

Ýemenden bolan biotehnolog we inžener Haşim al-Gaili uçýan uçar-myhmanhananyň taslamasyny işläp düzdi we oňa Sky Cruise diýip at berdi. Bu barada Daily Star neşirine esaslanyp, Gazeta.ru habar berdi.

Myhmanhana atom energiýasynda işlär, bu oňa elmydama asmanda bolmaga mümkinçilik berer, myhmanlar oňa adaty uçarlarda bararlar, munuň üçin myhmanhanada ýörite aerodrom bolar. Al-Gailiniň çözgüdine laýyklykda, uçary emeli aň dolandyrar, uçarman diňe onuň işine gözegçilik eder.

Bulutlaryň arasynda asylyp durjak kaşaň myhmanhanada 5 müňe çenli myhman ýerleşip biler.

Emma ýemenli inženeriň bu taslamasyna pisint etmeýänlerem ýok däl, olar uçar-myhmanhanany Howa Titanigi diýip atlandyrmak bilen, onuň aerodinamikanyň kanunlaryna garşy gelýändigini belleýärler. Galyberse-de, atom reaktorly uçar şäheriň üstüne gaçaýsa, munuň atom bombasynyň partlamasyna meňzeş boljakdygyny belleýärler.

Ýene degişli makalalar

Awstraliýada Titanik gämisiniň nusgasyny suwa goýbermekçi bolýarlar
Ýylyň abraýly 100 kompaniýasy
Titanik-den galan ýyldyz
Älemgoşar barada geň-enaýy maglumatlar
Dünýäniň İň Uly Ýahtasy Bodruma Geldi
Urwerk manufakturasy kosmos gämi şekilindäki sagadyny tanyşdyrdy
Titanik täze görnüşde kinoteatrlara dolanyp geler