“Titi” haryt nyşanly aýna ýuwujy serişdesiniň önümçiligi ýola goýuldy

“Titi” haryt nyşanly aýna ýuwujy serişdesiniň önümçiligi ýola goýuldy

“Täç hil” hususy kärhanasy şu ýylyň başynda “Titi” haryt nyşanly aýna ýuwujy serişdesiniň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada “Rysgal gazeti” geçen hepdäniň duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, “Titi” haryt nyşanly aýna ýuwujy serişdesiniň deňiz we limon ysly görnüşleri bolup, olar 750 millilitrlik gaplara gaplanylýar. “Täç hil” hususy kärhanasy doly güýjünde işledilende, bir gije-gündiziň dowamynda aýna ýuwujy serişdäniň 4000-5000 sanysyny çykarmaga mümkinçiligi bardyr.

2006-njy ýylda esaslandyrylan “Täç hil” hususy kärhanasynda ilkibaşda polietilen torbalar we çygly süpürgiçler öndürilip başlandy.

Kompaniýada ýokarda agzalan önümlerden başga-da, saç ýuwujy, geýim ýuwujy, ýumşadyjy, agardyjy, gap-gaç ýuwujy, suwuklandyrylan sabyn ýaly arassaçylyk serişdeleriniň birnäçe görnüşleri öndürilýär. Şeýle hem “Täç Hil” ýurdumyzda ilkinji bolup köpürjikli sabynlaryň, zenanlara, erkeklere niýetlenen atyrlaryň we zibil salmak üçin niýetlenen hoşboý ysly polietilen torbalaryň ýüpli görnüşiniň önümçiligini ýola goýdy.

“Täç hil” kompaniýasy öndürýän önümini diňe bir içerki bazara ibermek bilen çäklenmän, eýsem, Özbegistan, Gyrgyzystan we Gazagystan ýaly goňşy ýurtlara hem eksport edýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň dokma senagatynyň öňdebaryjylary Aşgabatdaky halkara sergi-ýarmarkada
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Annapurna depesinde dikildi
“Batly Gadam” Beýik Britaniýanyň “Primark” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär
Daewoo E&C kompaniýasy Ak şäherim Aşgabat forumyna altyn hemaýatkär hökmünde goşulyp, senagat we düzümleýin ösüş baradaky gepleşikleri has-da berkitdi
Meta işgärleriniň takmynan 10 göterimini işden çykardy
“Garagum” Ženewada öňdebaryjy dokalmadyk matalaryny we lukmançylyk önümlerini tanyşdyrýar
Milli gurluşyk hyzmatdaşlygy Röwşen Gurluşyk, Döwlet Gurluşyk we Türkmen bina gurluşyk hojalyk jemgyýetleri bilen giňelýär