TM CELL TÄZE 71-LIK KODUNY IŞE GIRIZDI

TM CELL TÄZE 71-LIK KODUNY IŞE GIRIZDI

Türkmenistanyň Altyn Asyr öýjükli aragatnaşyk operatory TM CELL söwda markasy bilen hödürleýän täze 71 koduny işe girizdi. Ozal bu öýjükli aragatnaşyk operatorynda şeýle kodlaryň bäşisi — 61, 62, 63, 64 hem-de 65 hereket edýärdi.

Täze kod bilen hödürlenjek halkara formatdaky telefon belgisi +99371xxxxxx görnüşinde bolar.

Täze kod ilatyň isleglerini hem-de ýüz tutmalaryny kanagatlandyrmak üçin işe girizildi. 71-lik tor kody bilen hereket edýän belgileri Altyn Asyr öýjükli aragatnaşyk operatorynyň ähli nokatlaryndan 10 manatdan (standart bahasy) satyn alyp bilersiňiz!

Operatoryň 2004-nji ýyldan türkmenistanlylara hyzmat edip başlandygyny hem bellemek gerek.

Ýene degişli makalalar

Arkadagda suw gyzdyrýan gazanlaryň operatorlaryndan “öz islegi boýunça” bagban wezipesine geçmek talap edilýär
Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Seulda geçirilen çärä gatnaşdy
Robot demirýolçy işe başlady
Türkmenistan, Özbegistan we Täjigistan YYO şertnamasyny taýýarlaýar
Iki äpediň söweşi (Godzillanyň garşysyna Kong)
“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygynyň 2020-nji ýylyň 9-njy dekabrynda çykaran 133 belgili buýrugy
Awtobus petekleriniň onlaýn satuwy gurnaldy