TMCARFAX onlaýn hyzmaty awtoulagy satyn almazdan öň VIN kody boýunça barlamagy hödürleýär

TMCARFAX onlaýn hyzmaty awtoulagy satyn almazdan öň VIN kody boýunça barlamagy hödürleýär

Häzirki döwürde sürlüp ýörülen awtoulagy satyn almak töwekgelçiliklidir.Käbir satyjylaryň alyjydan awtoulagyň awariýa bolandygy, geçen ýoly barada, şeýle-de ulagyň howpsuzlygyna we hiline täsir edýän beýleki ýagdaýlaryny gizleýän wagtlary az däl. Şeýle ýagdaýlardan seresap bolmak we zerur maglumatlaryň ählisini bir ýerden alyp wagt tygşytlamak üçin awtoulagy satyn almazdan öňinçä TMCARFAX onlaýn hyzmaty arkaly ulagyň VIN kodundan peýdalanyp onuň taryhyny barlamak maslahat berilýär.

TMCARFAX ulanylan ulaglaryň bazaryndan ygtybarly söwda mümkinçiligini gözleýän türkmenistanly potensial alyjylara awtoulag barada jikme-jik maglumatlary ýetirýär.Hasabatlar Carfax, Autocheck, IAAI, Copart hem-de Manheim maglumatlaryny öz içine alýar, şeýle-de ätiýaçlandyryş kompaniýalary, awtoulag hyzmatlary merkezleri hem-de beýleki çeşmeler ýaly dürli guramalaryň maglumatlarynyň esasynda düzülýär.

Web sahypadan açyk Internet torunda köpçülikleýin ýaýradylmadyk suratlary özünde jemleýän foto hasabatlary hem alyp bilersiňiz.

TMCARFAX hyzmatynyň hasabatlarynda şu maglumatlar bolýar:

• awariýanyň taryhy; • howpsuzlyk ýassyklary, hukuk kesgitleýji resminamalar, berlen bahalar, gurluş zeper ýetmeleri baradaky maglumatlar; • odometriniň görkezijisi; • tehniki hyzmat ediş baradaky ýazgylar; • registrasiýa maglumatlary; • ulagyň howpsuzlygyna we hiline täsir edýän örän möhüm faktorlar; • ulagyň ozalky eýeleriniň sany hem-de beýleki maglumatlar.

Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň TMCARFAX hyzmatlarynyň tölegini Altyn Asyr bank karty arkaly amala aşyryp bilýändiklerini bellemek gerek.

Satyn aljak awtoulagyňyzy barlamak ýa-da hasabatlary almak üçin şu salgylanma girip bilersiňiz (www.tmcarfax.com).

Ýene degişli makalalar

Pagani elektroulaga geçmekden boýun gaçyrdy
Opel Insignia ýylyň ahyryna çenli önümçilikden aýrylar
Xiaomi kompaniýasy awgustda ilkinji elektromobilini hödürlär
Lexus nobata duranlaryň ummasyzdygy sebäpli LX-e we NX-e sargyt almasyny bes etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ýene-de üç ýyldan Ford Focus önümçilikden aýrylar