TOGG ulagy satuwa çykaryldy

C segmentli SUV modeliniň ady "T10X" hökmünde mälim edildi. Standart aralyk üçin sanawdaky bahasy 953 müň lira hökmünde kesgitlenildi.

Deslapky sargyt tapgyry 16-njy martda başlar. TOGG-yň ilkinji eýeleri bijeler arkaly kesgitlener.

V1 enjamlarynda adaty aralyk modeliniň bahasy 953 müň lira hökmünde kesgitlenildi.

Şol bir aralyk görnüşi bilen, V2 enjamly TOGG ulagy 1 million 55 müň lira hökmünde kesgitlenildi.

Uzak aralykly batareýiň ulanylan V2 enjamly TOGG ulagy 1 million 215 müň lira satuw çykaryldy.

Türkiyäniň awtoulagy standart aralykly görnüşleri 314 km aralyga eýe.

Beýleki görnüşleri bolsa 523 km ýol geçip bilýär.

T10X modelini satyn almak isleýänler bolsa TOGG-yň internet saýtyndan we Trumore gollanmasynyň üsti bilen ýüz tutup bilerler.

Ýene degişli makalalar

Elektrik energiýasy bilen işleýän ýahta
Toyota elektrikli Toyota Land Cruiser-i tapgyrlaýyn öndürip biler
Ähli modelleri “howpsuzlyk baýragy” alan brend
Dünýäde ýylyň awtoulagy saýlandy
Şanhaý awtoulag sergisi öz işine başlady
“Mitsubishi” elektroulag öndürer