Dünýäde ýylyň awtoulagy saýlandy

Bäş ugurdan berilýän “Dünýäde ýylyň awtoulagy” (World Car Awards) baýraklary gowşuryldy.Ulaglary 24 ýurtdan 90-dan gowrak awtoulag žurnalisti saýlaýar.Dünýäniň iň abraýly baýraklarynyň biri bolan dabara 17-nji gezek geçirilýär.

Baş baýraga “Volkswagen ID.4” mynasyp boldy.Baýraga dalaş etmek üçin azyndan 10 müň ulagyň satylan bolmagy we azyndan iki materikde müşderilere ýetirilen bolmagy talap edilýär.Nemes brendiniň kompakt SUV klasyna degişli ulagy elektrik energiýasyna geçişi başlatmakda we gündelik durmuşda hödürleýän ýeňillikleri sebäpli emin agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Daşky gurşawa zyýansyzlygy bilen tapawutlanýan ulag täzeçil tehnologiýalary bilen hem ünsi özüne çekýär. “Volkswagen” 2009-njy we 2013-nji ýyllarda “Golf”, 2010-njy ýylda “Polo” we 2011-nji ýylda “UP!” modelleri bilen bu baýraga mynasyp bolupdy. “Şäheriçi” ugry boýunça retro dizaýny bilen ünsi özüne çekýän “Honda E” ýeňiji boldy. “Dünýäde ýylyň iň gowy lýuks awtoulagy” baýragyna “Mercedes-Benz S-Seriýasy”, “Iň gowy kuwwatly ulag” hökmünde “Porsche 911”, iň gowy dizaýn ugry boýunça “Land Rover Defender” saýlandy.

The post Dünýäde ýylyň awtoulagy saýlandy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Görnükli türkmen ýazyjysy, halypa žurnalist Rahym Esenow aradan çykdy
Myrat Mollaýewiň filmi halkara baýragyna mynasyp boldy, Aşgabat şäheriniň jemgyýetçilik awtobuslarynda bank kartlary bilen töleg geçirmek mümkinçiligi girizildi, türkmen türgenleri Rumyniýada erkin göreş boýunça baýrakly orunlary eýelediler we beýleki hab
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Turkish Airlines Türkmenistandan ýörite howa gatnawlarynyň ýygylygyny iki esse artdyrar, Ýagşymuradow türk serialynda çykyş etdi, Türkmenawtoulaglary agentligi hem-de ETL kompaniýasy boş iş orunlaryny yglan etdiler we beýleki habarlar
Türkmenistanly žurnalistler halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar
Bakuwyň Halkara howa menzili Merkezi Aziýada we GDA-da iň gowy diýlip yglan edildi
Lenovo ekransyz konseptual noutbuk bilen tanyşdyrdy