Tokaýew Gazagystanda wagtyndan öň Prezident we parlament saýlawlaryny geçirmegi yglan etdi

Tokaýew Gazagystanda wagtyndan öň Prezident we parlament saýlawlaryny geçirmegi yglan etdi

Gazagystanda wagtyndan öň geçiriljek Prezident saýlawlary 2022-nji ýylyň güýzünde bolar, 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda bolsa parlament saýlawlary geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew şu gün öz halkyna ýüzlenip aýtdy.

Respublikanyň Baştutany 2023-nji ýylyň ortalarynda Gazagystan Respublikasynyň syýasy taýdan täzeçe guraljakdygyny nygtady.

Tokaýew: Meniň üçin döwletiň bähbitleri hemme zatdan ýokary, şonuň üçin öz iş möhletimiň gysgaldylmagyna garamazdan, wagtyndan öň geçiriljek Prezident saýlawlarynyň geçirilmegini makul hasaplaýaryn diýdi.

2019-njy ýylyň 19-njy martynda Gazagystanyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew döwlet Baştutany wezipesinden çekildi. Ertesi gün Gazagystanyň Senatynyň (Mejlisiň ýokarky palatasy) öňki başlygy Kasym-Žomart Tokaýew kasam kabul edip, ýurduň Prezidenti wezipesine girişdi. Gazagystanda 2019-njy ýylyň 9-njy iýunynda wagtyndan öň Prezident saýlawlary geçirildi we Tokaýewiň 70,96% ses aldy.

Respublikada Prezident saýlawlary her bäş ýylda bir gezek geçirilýärdi.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary başlandy
Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
Türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň täze gözýetimleri
Türkmenistan — Gazagystan: dostluk we köpugurly strategik hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
“Özüni tanyşdyrmak we abraýy berkitmek”. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri näme barada we näme üçin kitap ýazýarlar
Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Gazagystana bardy
Türkmenistanyň Prezidenti Altyn Bürgüt ordeni bilen sylaglanyldy