Tokio ― 2020: Aşgabatda goýlan rekord täzelenmedi

Tokio ― 2020: Aşgabatda goýlan rekord täzelenmedi

Şu wagt Tokio şäherindäki Olimpiýa oýunlarynda agyr atletika boýunça ýaryşlaryň çäginde zenanlaryň arasynda 55 kilograma çenli agram derejesindäki göreş dowam edýär.

Ýaryşa gatnaşyjy zenanlaryň hiç birine-de türgenler ştangany götermegiň birinji usulynda ― silterläp götermekde mundan üç ýyl ozal Aşgabatda goýlan dünýä rekordyny täzelemek başartmady.

2018-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen dünýä çempionatynda hytaýly türgen Ýajun Li ulularyň arasyndaky ýaryşda hut şu agramda, şu görnüşde 102 kilogram agyrlygy eýgerip, dünýäniň täze rekordyny goýupdy. Tokio Olimpiadasynda iň ýokary netijäni görkezen özbegistanly Muattar Nabiýewa 98 kilogram agyrlygy eýgerdi. Ol Olimpiýa rekordyny täzelän hem bolsa, dünýä rekordyny täzeläp bilmedi.

Bu agram derejesinde biziň ildeşimiz Kristina Şermetowa hem ýaryşýar. Onuň ştangany silterläp götermekde 90 kilogram agyrlygy eýgerendigini ýazypdyk.

Ýene degişli makalalar

Tokio ― 2020: Kristina Şermetowa ştangany silterläp götermekde 90 kilogram agyrlygy eýgerdi
Tokio ― 2020: agyr atletikaçy Kristina Şermetowa ýaryşy altynjy orunda tamamlady
Agyr atletikaçy Kristina Şermetowa 55 kg çenli agramda Tokio Olimpiýa oýunlarynda güýçlileriň altylygynda
Bedew waspy
ÝB Iordaniýanyň Şasy Abdullah 2-njini Goldaýandygyny Beýan Etdi
Daşary ýurt metbugatyna syn