Liwerpul ManÝunaýtedi 5:0 ýeňip, 1925-nji ýylyň netijesini gaýtalady

Liwerpul ManÝunaýtedi 5:0 ýeňip, 1925-nji ýylyň netijesini gaýtalady

Liwerpul Angliýanyň Premýer ligasynyň 9-njy tapgyrynda myhmançylykda Mançester Ýunaýtedi uly hasap bilen ýeňmegi başardy. Old Traffordda geçirilen duşuşyk mersisaýdlylaryň peýdasyna 5:0 hasabynda tamamlandy.

Liwerpulyň düzüminde Nabi Keýta, Diogu Žota we Mohammed Salah (het-trik) tapawutlandy.Müsürli futbolçy Old Traffordda ManÝunaýtediň derwezesine üç pökgi girizmegi başaran APL-nyň ilkinji futbolçysy boldy.Mundan başga-da, Salah Didýe Drogbadan öňe geçip, Angliýanyň çempionatlarynyň taryhynda iň netijeli afrikaly oýunçy bolmagy başardy.

Onuň hasabynda 106 gol bar. 61-nji minutda, oýna gireninden 12 minut soň ýer eýeleriniň ýarymgoragçysy Pol Pogba gyzyl duýduryş aldy.Bu ýeňliş Liwerpul bilen duşuşyklaryň taryhynda Mançester Ýunaýted üçin iň uly şowsuz netijedir.

Bu netije 1925-nji ýylda hem bolupdy.Bu ýeňişden soň Ýurgen Kloppuň şägirtleri 21 utuk toplap, Angliýanyň çempionatynyň jedwelinde 2-nji orna geçdiler.Birinji orny eýeleýän Çelside 1 utuk köp.

Mançester Ýunaýted 14 utuk bilen 7-nji orunda ýerleşýär.Indiki tapgyrda MÝ myhmançylykda Tottenhem, Liwerpul bolsa öz meýdançasynda Braýton bilen duşuşar.Iki duşuşyk hem 30-njy oktýabrda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Klopp alty sany tälimçini işden kowdurdy
Sport syny: APL-da şenbe şüweleňi
Bu gün APL başlanýar. Çempion kim bolar?!
Liwerpul UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna ýakynlaşdy